Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 27-nji maýynda Haly baýramçylygy mynasybetli gurnan “Haly sungatym – milli senedim” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

 

Haly sungatym – milli senedim

 

“Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Türkmen halysy taýsyz owadanlygy, dokalyşynyň nepisligi bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdir. Gelin-gyzlarymyz türkmen sähralarynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Her bir çitimine tükeniksiz yhlas siňdiren zenanlarymyz halyny sungat derejesine ýetiripdirler.

Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Halylaryň gözellik dünýäsini özünde jemlemeginde tebigy boýaglara möhüm orun degişlidir. Tebigy boýagdan dokalan halylar hiç wagt solmaýar. Gaýta ýyllar geçdigiçe ýüzi açylyp, has owadanlaşýar. Haly sungatyny kämillik derejesine ýetiren çeper elli ene-mamalarymyz onuň nusgalyk täsin görnüşlerini döredipdirler. Olaryň sülük ýaly on barmagynyň inçelik we ussatlyk bilen çiten halylarynyň her haýsynyň öz taryhy bar. Şeýle hem, taryhy çeşmelerde nygtalyşyna görä, gadymy döwürde ýaşan ata-babalarymyz dokan halylarynyň güllerine, goçaklaryna, Günüň, şonuň ýaly-da, goýnuň, düýäniň, atyň, guşuň, dürli ösümlikleriň, gülleriň keşplerini bezeg nagşy hökmünde girizmegi başarypdyrlar. Ol nagyşlar häzir hem halylaryň göllerinde gabat gelýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Haly sungatym – milli senedim” ady bilen baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň türkmen halysy barada aýdan dana pähimi bilen açylyp, ol muzeý gaznalarynda saklanýan milli saz gurallary, ýyndam bedewlerimiziň hala çitilen keşpleri, suratkeşleriň ajaýyp eserleri, gadymdan miras galan at ýapynjalary, gamçydyr milli şaý-seplerimiz, haly önümlerimiz bilen dowam edýär. Sergide görkezilýän haly we haly önümlerindäki nagyşlar özüniň gadymylygy we nepis dokalyşy bilen tapawutlanýar. Ene-mamalarymyzyň döreden ajaýyp halylary sergä gelen myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Zergärlerimiziň baýramçylyk sergisinde görkezilen sungat eserlerinde ganatly bedewlerimiz şekillendirilipdir.