Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gurnan “Bagtyýar nesil” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Bagtyýar nesil

 

“Çaga-durmuşyň güli” diýlişi ýaly, bagtyýar durmuşymyzyň ýagty ertirini çagasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bagtly çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň bütin halkymyzyň, şol sanda nesilleriň şu güni, hem-de geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy ýaşlaryň ruhuny belende göterip, öz ata Watanyna bolan söýgi- buýsanjyny has artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Mähriban çagalarymyz berkarar we kuwwatly döwletimiz – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir. Şonuň üçin hem adamzadyň ynsanperwer däpleriniň çuňňur many-mazmunyny, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny dabaralandyrýan bu ajaýyp halkara baýramynyň şatlykly wakalarynyň hem-de tolgundyryjy pursatlarynyň ruhubelent we bagtyýar halkymyzda, mähriban körpelerimizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna berk ynanýaryn!” diýip belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrülen Garaşsyz diýarymyzda çagalaryň bagtyýarlyk owazlary belende göterilýär.

Ýurdumyzyň iň gözel künjekleri bolan Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her tomus möwsüminde ýüzlerçe çaga gujak açyp garaşylýar. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzda çagalara niýetlenip gurlan “Ertekiler dünýäsi”, “Älem” medeni dynç-alyş merkezi, “Aşgabat” seýilgähi, ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan we gurulýan döwrebap çagalar baglarydyr orta we sport mekdepleri döwrümiziň bezegine öwrülýär. Durmuşymyzyň güli, ynsanyň bagty bolan eziz çagalara bolan söýgi adamzadyň iň beýik duýgusydyr.

Şu günler diýarymyzyň ähli künjeginde ýurt derejesinde biziň çagalarymyza bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň binasynda hem “Bagtyýar nesil” atly sergi gurnaldy. Serginiň adyndan belli bolşy ýaly, biziň gelejegimiz bolan çagalaryň kämil ösüşi barada gürrün berýän gyzykly fotosuratlar, dürli esbaplar, oýnawaçlar, çekilen suratlar sergide görkezilýär.

         Döwlet muzeýiniň gaznahanasyndan bolan türkmeniň milli çaga geýimleri, dürli dogajyklardyr, şaý-sepleri serginiň ajaýyp ýerinde orun tapdy. Serginiň çäginde muzeýimiziň “Ýaş tebigatçy” gurnagyna gatnaşýan çagalaryň ýasan gerbariýleri, çeken suratlary hem görkezilýär. Suratlarda çaga dünýäsiniň örän täsindigine, olaryň hyýallaşdyrmak bilen özleriniň döredijiligine uly jogapkärçilik bilen çemeleşýändigine göz ýetirmek bolýar.

         Goý, dünýäniň ähli ýurtlarynyň çagalarynyň depesinde arassa asman, parlak gün lowurdap dursun! Goý, mydama parahatçylyk bolsun!