Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gurnan “Tebigaty goramak – biziň mukaddes borjumyzdyr” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gurnan “Tebigaty goramak – biziň mukaddes borjumyzdyr” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Tebigaty goramak – biziň mukaddes borjumyzdyr

 

“Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we ösüp gelýän nesle miras goýmalydyrys.“

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

5-nji iýun bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenip geçilýär. Bu BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan, möhüm şanly seneleriň biridir.

Biziň ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli çöllerimiz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz, diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär.

Türkmen halky asyrlar boýy gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Şonuň üçin hem, türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlar boýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Ülkämiziň her bir künjeginiň özboluşly tebigy aýratynlyklary bar. Ýurdumyz Köýtendagdaky dinozawrlaryň aýak yzlary, Bathyzyň gaýtalanmajak gözelligi, Köpetdagyň genji-hazynasy bolan täsin ösümlik we haýwanat köpdürlüligi, bereketli Garagum çöli, gojaman Hazar deňzi bilen we beýleki özboluşly täsinlikleriň mekany hökmünde dünýä ýüzünde belli bolup, alymlarda, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredipdir. Adamzat jemgyýetiniň umumy öýi bolan çylşyrymly gurluşly Ýer ýüzüniň her bir künjegi hemişe üns berilmegini we ýadawsyz aladany talap edýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerlerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetiki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, geljekki nesillere ýetirmek şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiz “Adamzadyň ýaşaýşy köplenç tebigy baýlyklardan peýdalanşyna baglydyr. Bu bolsa biziň ählimizi daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarmyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär” diýip öz çykyşlarynda aýdyp geçýär.

Şu nukdaý-nazardan ugur alyp we bütindünýä Daşky gurşawy goramak gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Tebigaty goramak – biziň mukaddes borjumyzdyr” atly sergi gurnady.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet goraghanalaryny görkezýän kartasy we kitapçalar, aýratyn goralýan tebigy ýadygärlikleriň fotosuratlary, Türkmenistanyň Gyzyl kitaby, oňa girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň suratlary hem-de gäpleri, biologiki usul esasynda ekinleriň hasylyň goramakda ähmiýetli bolan peýdaly guşlaryň we süýdemdirijileriň dürli görnüşleriniň gäpleri, daşky gurşawyň ekologik abadançylygyny üpjün edýän emeli tokaýlaryň fotosuratlary we tebigaty goramaga çagyrýan birnäçe plakatlar sergilenen.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznahanalaryndaky saklanýan gymmatly eksponatlar esasynda gurnalan sergi muzeýe gelýän giň köpçülik üçin niýetlenendir.