Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ylymlar güni mynasybetli gurnan “Ylym – geljegiň binýady” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

 

Ylym – geljegiň binýady

 

Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemme taraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde, edebiýatyň, ylmyň tutýan ornuna aýratyn uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli onda-da dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Biziň halkymyz gadymdan bäri, pähim-parasada, ylym-bilime uly sarpa hem gadyr goýan, dünýäde ylymda öçmejek şan-şöhrat gazanan halkdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim babatda durmuşa ornaşdyrylýan tutumly işler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler şöhratly geljegiň kämil binýadydyr. Bilim ulgamynda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ornaşdyrmaklyk döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ylym-bilim syýasatynyň barha rowaçlanýan häzirki döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary-da ýaşlara öwredilýän ylym-bilimiň täze usullaryndan netijeli peýdalanýarlar. Häzirki zaman täze tehnologiýalary talabalaýyk peýdalanyp, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalarda kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistan döwletimizde giňden bellenip geçilýän ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Ylym – geljegiň binýady“ atly sergi gurnaldy. Sergide dürli döwürlerde ylym ugrunda zähmet çeken alymlaryň fotosuratlary ýerleşdirildi. Bulardan başga-da arheologiýa, etnografiýa, tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý esbaplary sergide ýerleşdirildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ylmy kitaplary hem-de ylmy edebiýatlaryň birnäçesi görkezildi.