Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-y ý. 22-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gurnan “Medeniýet we sungat – ruhubelentlik çeşmesi” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagýar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 22-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gurnan “Medeniýet we sungat – ruhubelentlik çeşmesi” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

Medeniýet we sungat – ruhubelentlik çeşmesi

 

„-Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklara uly sarpa goýmak bilen baglanyşykly ajaýyp däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimihamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2009-njy ýyldan bäri her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi bu ulgama berilýän uly ünsüň miwesidir.

Milli Liderimiziň medeniýet ulgamyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürmek baradaky tagallalary ýurdumyzda we dünýäniň beýleki döwletlerinde yzygiderli geçirilýän giň möçberli medeni çärelerde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça geçirilýän şol çäreler bolsa dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň arasyndaky dostlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolmalydyr.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeniýet we sungat – ruhubelentlik çeşmesi” atly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklardan bolan medeniýete we sungata degişli fotosuratlar, wideo maglumatlar, milli saz gurallarymyz, heýkeltaraşlarymyzyň sungat eserleri, keramika önümleriň gymmatly nusgalary, haly sungatyna degişli bolan milli nagyşlar salnyp dokalan hem-de türkmen tebigatyny suratlandyrýan häzirki zaman şekilli halylar görkezilýär. Bundan başga-da hormatly Prezidentimize sowgat berlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan häzirki zaman ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini görmek bolýar. Häzirki zaman zergärçilik sungat eserlerinde döwrümiziň bagtyýar ösüşi, galkynyşy ussat zergärlerimiz tarapyndan çeperçilik taýdan beýan edilýär.