Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli gurnan “Hasylyňa bereket, eziz Diýarym” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 
 
Hasylyňa bereket, eziz Diýarym
 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sahabatly türkmen topragynyň berekedi hiç wagt egsilmesin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba senagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler oba ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmaga, daýhan hojalyklarynyň, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Döwlet tarapyndan oba hojalyk ulgamyna ünsüň güýçlendirilmegi oba zähmetkeşlerini, oba hojalygynda zähmet çekýän her bir adamy ak bugdaýdyr “ak altyndan” we gaýry ekinlerden ýokary hasyl almaga, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmaga, oňat netijeleri gazanmaga, rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzy has-da gülletmäge ruhlandyrýar.
Türkmen topragy – bereketli toprak. Sebäbi biziň bu behişdi ýerlerimizde ösdürilip ýetişdirilýän ir-iýmişlerimiz, miweleriň ählisi datlydyr. Topragymyzyň, howamyzyň, günüň şöhlesiniň, has dogrusy, tebigatymyzyň üýtgeşikligi netijesinde iň bir gymmatly çig mal bolan inçe süýümli pagta biziň topragymyzda kemala gelýär.
 Sahawatly güýz paslynyň bereket bilen jemlenýän nurana güni – egsilmez şatlyga hem çäksiz buýsanja beslenen Hasyl toýunyň joşgunly dabarasy Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alýar. Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toý dabaralar geçirilýär. 
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hasyl toýuna bagyşlanyp “Hasylyňa bereket, eziz Diýarym” atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, foto dokumental suratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary dokalan içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri, bulardan başga-da gadymy Änew medeniýetiniň taryhy ýadygärlikleri we milli gymmatlyklarynyň fotosuratlary, muzeý gaznahanalarynda saklanýan milli gymmatlyklar toplumy, zähmet gurallary, taryhy tapyndylar sergide öz beýanyny tapdy.