MUZEÝ GYMMATLYKLARY WE WATANÇYLYK TERBIÝESI

 

2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçysynyň güni mynasybetli “Watançylyk terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň ýörite taýýarlyk fakultetiniň uly mugallymy kapitan Gurbangül Nuryýewa, “Medeniýet” žurnalynyň bölüm redaktory Abdylhalyk Jumatow, Içeri işler ministrliginiň metbugat habarçysy Ejegyz Çaryýewa, “Milli goşun” žurnalynyň bölüm müdiri Aşyrmet Garlyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, harby gullukçylar kapitan Serdar Hojaamanow, leýtenant Güýçmyrat Tatarow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Öwezberdiýew dagy gatnaşyp, Watany goramagyň ähmiýeti, geçmişde ýaşap geçen taryhy şahsyýetleriň bitiren hyzmatlary, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyzyň kuwwatynyň barha artyşy barada gyzykly gürrüň berdiler. Milli goşunymyzda gulluk edýän esgerler, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň talyplary, beýleki myhmanlar, muzeýiň işgärleri olaryň eden çykyşlaryny el çarpyşmalary bilen makulladylar. Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen, myhmanlar sergilenen eksponatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Sergide hormatly Prezidentimiz, milli ýaragly güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby talyplar bilen duşuşyklaryna, harby okuw türgenleşiginiň pursatlaryna, dabaraly harby ýörişlere degişli fotosuratlar, hormatly Prezidentimize berlen sowgatlar - gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar görnükli ýerde goýlupdyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň watançylyk temasyndan ýazan kitaplary, 1941-1945-nji ýyllarda faşistik basybalyjylara garşy alnyp barlan uruşda edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow, Pena Rejepow ýaly gerçeklerimiziň fotosuratlary, belli suratkeş K.Hnykiniň döreden portretleri, Lallyk Hanyň serişdeleriniň hasabyna ýasalan tankyň makedi, söweşlerde ulanylan dürli esabaplar bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.