Zenanlar gününe bagyşlanan dabara

 

Bahar paslynyň başynda köňülleri joşdurýan Halkara zenanlar güni Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda-da gowy günleriň buşlukçysy bolup ýurdumyza ýaň saldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem bu ajaýyp gün dabara bilen garşy alyndy. Muzeýde 2017-nji ýylyň 3-nji martynda Zenanlar güni mynasybetli “Zenan kalbynyň gözelligi atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergi muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlanyldy. Sergide zenan şaý-sepleri, halylaryň birnäçe görnüşi, ussat suratkeşlerimiziň çeken eserleri hem-de häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi orun aldy. Şonuň ýaly-da, bu ýerde milli zenan lybaslarymyzyň gadymy nusgalaryda sergilendi. Nakgaşlaryň çeken eserlerinde ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapsa, zergärçilik eserlerinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşleri wasp edilýär.

Dabara gatnaşan myhmanlaryň arasynda dürli pudaklarda zähmet çekýän gyz-gelinleriň, şonuň ýaly-da, şahyrlaryň agdyklyk etmegi ýöne ýere däl. Zenan gözelligi, zenanlaryň belent adamkärçilik sypatlary ir döwürlerden bäri türkmen şahyrlary tarapyndan wasp edilip gelinýär. Wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Sona Ýazowa, şahyr Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, şahyr Öre Daşgynow, „Dünýä edebiýaty“ žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Güljemal Garaýewa dagynyň eden çykyşlary, okan goşgulary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da, dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti Gülşirin Annamyradowa, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulylar geňeşiniň agzasy, zähmet weterany Ogulnabat Owlakowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Akgözel Mukymowa, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň estrada we sirk oýunlary orkestriniň çeper ýolbaşçysy Rüstem Gulnyýazow dagy çykyş edip, gyz-gelinleri ajaýyp baýramlary bilen gutlap, olar babatda ýagşy dilegler etdiler. Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň sungat studiýasynyň, Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary bolsa dabaranyň hormatly myhmanlary hökmünde bu uly şatlyk-şowhunyň şaýady boldular.

Zenanlar gününe bagyşlanan wagtlaýyn serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar onda görkezilen eksponatlar bilen ýakynda tanyş boldular.