MILLI BAHAR BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

 

Her ýyl 21-22-nji martda tutuş ýurdumyz boýunça Milli bahar baýramy bellenilip geçilýär. Onuň esasynda gadymdan gelýän Nowruz baýramy ýatyr. Bu baýram geçmişde ekerançylaryň arasynda has dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilipdir. Ol sowuk günleriň yzda galmagyny, tebigatyň gaýtadan oýanmagyny, ekerançylyk işlerine girişilmegini alamatlandyrypdyr. Nowruza gabatlap türkmenler naz-nygmatlar taýýarlap, nowruz köjesini, nowruz ýarmasyny, ýaňy gögeren ýaşyl bugdaýdan “Äşedir Patmanyň nahary” diýlip atlandyrylýan semenini bişirip, birek-birege hödür-kerem edýärler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2017-nji ýylyň 17-nji martynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Bagtyýarlyk döwrüniň bahary” atly serginiň açylyş dabarasy boldy.

Sergide ussat türkmen suratkeşleriniň türkmen topragynyň bahara mahsus gözel tebigatyna, semeniniň taýýarlanyşyna bagyşlanan surat eserleri, şonuň ýaly-da, muzeý gaznalarynda goralyp saklanylýan milli egin-eşikler, halylar we haly önümleri, gülýakalar, bilezikler, bukowlar, egmeler, saçlyklar, heýkeller, häzirki zamanda döredilen zergärçilik eserleri bu ýere ýygnanan myhmanlaryň dykgatyna ýetirildi. Ýaşyl öwüsýän maýsalar bolsa serginiň görküne has hem görk goşdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen çykyş edip, dabara gatnaşýanlary ýetip gelýän Milli bahar baýramy bilen gutlady we olara jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Soňra dabara gatnaşýanlaryň öňünde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky „Türkmenfilm“ birleşiginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, “Zaman” gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa, “Adalat” gazetiniň habarçysy, şahyr Laçyn Pürjäýewa, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibitäç Nyýazowa we Gülsere Jumaýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory Orazgül Gurbanowa, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dursun Tekäýewa, şahyr Güljemal Garaýewa, Ulag we aragatnaşyk institutynyň umumy tehniki dersler kafedrasynyň uly mugallymy Oguljan Aýnazarowa dagy çykyş edip, gyzykly gürrüňler berdiler, şygyr okadylar.

Bu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň wagtlaýyn sergiler üçin niýetlenilen zalynda bahar howasy, bahar gözelligi göwünleri şat etdi.