SUWUŇ GADYR-GYMMATYNA BAGYŞLANAN SERGI

Halkymyz taryhyň bütin dowamynda suwuň gadyr-gymmatyny bilip, onuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäp gelipdir. Ýurdumyzyň çäginde, oba-hojalygy hem, ykdysadyýet hem, medeniýet hem ilkinji nobatda suw üpjünçigine bagly bolupdyr. Biz gadymy Marguşyň ilat tarapyndan terk edilmegine ir döwürlerde Murgap derýasynyň öz hanasyny üýtgetmeginiň sebäp bolandygyny bilýäris. Ekerançylyk ýerleriniň, esasan, jemgyýetçilik ýerlerinden ybarat bolup, hususy eýeçilikdäki ýerleriň örän az meýdany tutmagy ýurdumyzyň çägine mahsus ýer-suw gatnaşyklarynyň aýratynlygy bilen bagly bolupdyr. Iň bir baý kişileriň hem öz hasabyna uly ýaplary çekmäge, olary arassalap durmaga güýji ýetmändir. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramynyň dabaraly bellenip geçilmeginiň uly manysy bar. Ol, bir tarapdan, taryhymyza göz aýlap, suwuň taryhyň akymyny üýtgetmäge, medeniýetleriň peýda bolmagyna we ýok bolup gitmegine täsir edip biljek derejede ähmiýetli bolan gymmatly serişdedigini ýene-de bir gezek aňymyzda aýlamaga ikinji tarapdan bolsa, suw bilen bagly şu günki meseleleri gözden geçirmegimize we geljegimiziň aladasyny şu günlerde etmelidigini ýatlamagymyza sebäp bolýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri hem bu baýramyň gadyr-gymmatyny örän gowy bilýärler. 2017-nji ýylyň 1-nji aprelinde bu ýerde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramyna bagyşlanyp gurnalan “Keramatly suwuň sarpasy atly” wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow açyp, myhmanlary bosagada duran baýram bilen gutlady. Soňra dabara gatnaşýanlaryň öňünde Magtymguly adyndaky Turkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mugallymy, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin, Türkmenistanyň Tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty Şahy Şadurdyýew, Halkara Nebit-gaz uniwersitetiniň gidrogeologiýa we inžener geologiýasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Durdymyrat Orazdurdyýew, Ahal welaýatynyň “Oba hojalyk” önümçilik birleşiginiň bölüm müdiri Gurban Welmyradow, “Watan” radioýaýlymynyň redaktory Jahan Gurbangulyýewa, Türkmenistanyň Suw ylmy taslama institutynyň barlaghana müdiri Baýram Akmämmedow, şol institutyň baş hünärmeni Meret Akmyradow, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň usulçysy Kümüş Mätnyýazowa dagy çykyş edip, suwuň gadyr-gymaty, ýurdumyz üçin suw üpjünçiliginiň ähmiýeti, bu ugurda alnyp barylýan işler barada gyzykly gürrüň berdiler. Olaryň çykyşy dabara gatnaşan myhmanlarda – Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň işgärlerinde, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat şäher orta-hünär mekdebiniň, Nebit-gaz uniwersitetiniň we “Gujurly nesil” okuw merkeziniň talyplarynda, şonuň ýaly-da, muzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy. Wagtlaýyn serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen, dabara gatnaşyjylar sergilenen täsin eksponatlary synladylar.