2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Döwletiň kanuny – ýurduň berkararlygy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Döwletiň kanuny – ýurduň berkararlygy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

DÖWLETIŇ KANUNY ÝURDUŇ BERKARARLYGY

 

“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen sazlaşykly gelmegi akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar türkmen döwletinde halkymyzyň asuda, abadan, we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär”

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine 25 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinde kabul edilen hem-de Watanymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni ösüşiniň geljek onýyllyklar üçin esasy ugurlaryny kesgitlän Konstitusiýa beýik işler hem-de rowaçlygynyň täze eýýamyna gadam basan ýurdumyzyň täze taryhynyň gazananlary üçin esas boldy. Jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny kesgitlän Esasy Kanun hereket edýän milli kanunçylygyň özenini düzüp, onuň esasy düzgünlerinde hem ýörelgelerinde halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalary, döwlet gurmakda halkymyzyň köp asyrlyk tejribesi, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwerligiň iň gowy däpleri we mizemez umumadamzat gymmatlyklary beýanyny tapdy. Soňky gysga döwrüň içinde ata Watanymyzda hukuk we dünýewi döwletiň kämil binýadyny kemala getirmäge, halkymyzyň erkinliginiň, edil şonuň bilen bir hatarda, hak-hukuklarynyň doly goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap “Döwletiň kanunyýurduň berkararlygy” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasynda düşürilen fotosuratlar bilen başlanýar. Ondan başga-da, bu ýerde ýurt Baştutanymyzyň saýlanan eserleri bilen hem tanyşmak mümkin.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlyklar gaznasyna degişli eksponatlar toplumy wagtlaýyn sergiler zalynyň içini has hem nurlandyrýar. Bu toplumyň düzüminde zergärçilik eserleri agdyklyk edýär. Olaryň biri Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlansa, başga birine sekizburçlugyň üstündäki Ýer şarynyň şekilinden we onuň ýokarsyndaky uçup barýan guşlaryň ýaşyl tugumyzyň ýanyndaky şekillerinden ybarat utgaşma görnüşi berlipdir. Zergärçilik eserleriniň arasynda ýaşyl tugumyzy, ýurdumyzyň meşhur binalaryny, baýramçylyk saçagyny şekillendirýän zergärçilik eserleri hem bar.

Sergide görkezilýän mejimeler toplumy täsin gözelligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Olaryň ýüzüne çekilen ösümlik nagyşlaryndan gözüňi aýrasyň gelenok.

Baýramçylyk sergisinde çeper elli halyçylarymyzyň dokan “Meşhur Ýanardag bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monument”, “Bitaraplyk binasy”, “Garaşsyzlyk” atly halylary we şekilli halylar hem görkezilýär. Bu halylar, bir tarapdan, halkymyzyň syýasy durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezseler, ikinji tarapdan, olaryň deslapky şekillerini döreden suratkeşleriň, olary dokan halyçylaryň watansöýerliginiň özboluşly beýany bolup durýarlar.