GALLA BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

 

Ýurdumyzda guşgursak bugdaýyň sarpasyny belentde tutmak, onuň bilen bagly maddy we ruhy gymmatlyklary bir ýere toplamak, gorap saklamak, öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek üçin Türkmenistanyň Milli „Ak bugdaý“ muzeýiniň döredilmeginiň, Galla baýramynyň döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilmeginiň düýpli sebäpleri bar.
XX asyryň başynda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan arheologik ekspedisiýasy Änewiň töwereginde gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Şol işleriň netijesinde çig kerpijiň galyndylarynda däneli ösümlikleriň gabyklary we gylçyklary ele salynýar. Dykgatly öwrenilmegi netijesinde olaryň ak bugdaýa we arpa degişlidigi anyklanylypdyr. Bu açyş bütin dünýä ýaň salypdyr, çünki bu ýerde 5 müň ýyl mundan ozal ekerançylygyň iň gadymy merkezleriniň biriniň ýerleşendigini äşgär edipdir. Çakmakly depeden daşdan ýasalan iki sany kätmeniň tapylmagy bolsa, bu ýerde bugdaýyň adam tarapyndan ösdürilip ýetişdirilendigi hakdaky pikiri has hem berkidipdir. Rafael Pampelli bu barada 1908-nji ýylda ABŞ-nyň Waşington şäherinde neşir edilen 2 jiltlik ,,Türküstandaky derňew işleri” atly kitabynda giňişleýin maglumat berýär.
Ak bugdaý Türkmenistanyň çäginde ir döwürde agyr toprak-howa şertleriniň täsiri astynda, daýhanlar tarapyndan amala aşyrylan seçginiň netijesinde kemala gelen bugdaý görnüşidir. Onuň dört görnüşi (käbir seçgiçi alymlar bu görnüşleriň sanyny dokuza ýetirýärler) bar. Bu görnüşleriň alamatlary biri-biriniň üstüni ýetirýär we şonuň arkasyndan olar adatdan daşary howa şertlerine aňsat uýgunlaşýarlar. Bu görnüşleriň ak bugdaý diýlip atlandyrylmagyna olaryň aglabasynyň däneleriniň reňkiniň ak bolmagy sebäp bolupdyr. Ak bugdaý ýokary hasyl berýän görnüşleri döretmek üçin iň esasy gönezlik bolup durýar. Kubanly belli seçgiçi alym P.P.Lukýanenko bugdaýyň ýurdumyza mahsus görnüşleriniň esasynda bugdaýyň iň gowy görnüşlerini döredipdir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Galla baýramyna bagyşlap sergi guramaklyk indi däp bolup galypdyr. Bu ýerde 2017-nji ýylyň 15-nji iýulynda bu baýrama bagyşlanyp gurnalan “Ak bugdaýly Watanym” atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda galla ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýeti, bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada gysgaça durup geçdi. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Amanguly Magtymow, Saparmyrat Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Çarygeldi Babanyýazow, „Ahal durmuşy“ gazetiniň bölüm redaktory Dursun Tekäýewa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýet bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň uly ylmy işgäri Maral Sahatowa, „Nesil“ gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň umumy tehniki dersleri kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Agaýewa dagy öz eden çykyşlarynda bugdaý ösdürilip ýetişdirilişiniň taryhy, onuň durmuşymyzda tutýan uly orny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýygnalýan bol galla hasyly, çörek önümlerini öndürmekde gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin durup geçdiler.
Dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary myhman hökmünde gatnaşyp, öz gözýetimlerini giňeltdiler.
Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar gyzykly maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.