Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017 ýylyň 10 awgustynda sagat 11:00 Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gurnalýan “Behişdi nygmatdyr türkmen gawuny” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini myhmançylyga çagyrýar.

 

 

Behişdi nygmatdyr türkmen gawuny

 

 

“Türkmen gawuny halkymyzyň rysgal çeşmesiniň bir dury bulagydyr, tagamyna taý tapylmajak nygmatdyr”.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda 1994-nji ýyldan başlap her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmen gawunynyň güni dabaraly ýagdaýda baýram edilip gelinýär. Bereketli türkmen topragy dürli gök we bakja ekinlerine örän baýdyr. Şolaryň arasynda gawun aýratyn orun eýeleýär. Türkmen gawunynyň 400-den gowrak görnüşi belli bolup, şolaryň arasynda waharmanyň 72, garrygyzyň 60, gülabynyň 233 görnüşi tapawutlandyrylýar. Iň kiçi gawun bolan “dessemmaýanyň” agramy ortaça 50 grama deň bolsa, uly gawun hasaplanýan “myhmansowaryň” agramy 10 kilograma, “koýbaşyň” agramy bolsa 18 kilograma baryp ýetýär.

Gawunyň waharman, gülaby, göktorly, garrygyz, kyrkgünlik, zamça ýaly görnüşleri ýurdumyzda has hem köp ekilýär. Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri bakjaçylyk bilen meşgullanyp, bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini döretmegi başarypdyrlar. Irki döwürlerden bäri halkymyz gawundyr garpyzdan kak, sök, toşap, mürepbe ýaly datly tagamlary taýýarlapdyrlar. Eziz diýarymyzda ýetişdirilýän gawunlar we olardan taýýarlanýan önümler bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu barada meşhur syýahatçylar, taryhçy alymlar dürli ýazgylary we taryhy maglumatlary galdyrypdyrlar. Gawynyň dermanlyk häsiýetleriniň hem bardygy gadym döwürlerde ata-babalarymyza mälim bolupdyr. Gawundan alynýan kak derman hökmünde-de, iýmit hökmünde-de peýdalanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli buýsanjy, sahawatly türkmen topragynyň berekedi hasaplanýan datly gawunlarymyza bagyşlanan baýram uludan tutulýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem her ýyl Türkmen gawunynyň güni mynasybetli sergi gurnalýar. Şu ýyl hem “Behişdi nygmatdyr türkmen gawuny” atly sergi gurnaldy. Bu sergide myhmanlaryň dykgatyna ýetirilýän resminama häsiýetli fotosuratlar, suratkeşleriň nakgaşçylyk eserleri, ekerançylykda, bakjaçylykda ulanylýan zähmet gurallary, dürli esbaplar, şeýle hem, muzeýiň gaznahanalarynda goralyp saklanylýan milli gymmatlyklar we sowgatlyklar türkmen gawunynyň şöhratyny has hem dabaralandyrýar.