TÜRKMEN GAWUNYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SERGI

 

 

2017-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen gawunynyň gününe bagyşlanyp gurnalan “Behişdi nygmatdyr türkmen gawuny” atly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Ýurdumyzda her ýylyň awgust aýynda Türkmen gawunynyň gününiň dabaraly ýagdaýda baýram edilmegi bu datly nygmata halkymyz tarapyndan goýulýan uly hormatyň nyşanydyr. Taryhymyza göz aýlan mahalyň onuň aýratyn tapawutlandyrylmagynyň sebäbine bada-bat göz ýetirýärsiň.

Geçmişde Ahalda gawunyň örän köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilipdir. “Sarygallan” we “şart” diýlip atlandyrylan ýerli gawunlaryň tagamy has hem datly bolupdyr. Merwiň ilaty hem bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge uly ähmiýet beripdir. Bu ýerde örän giň meýdanlara gawun ekipdirler, çünki ol hatda çägelik ýerlerde-de örän gowy düýp tutupdyr. Ýylyň üçden ikisinde ilat gawun iýip gününi görüpdir. Ony öý haýwanlaryna hem iýdiripdirler. Örän gowy ysy we tagamy bilen tapawutlanýan merw gawunlaryny bazara-da çykarypdyrlar, başga harytlara-da çalşypdyrlar. Merwiň ilaty “zamça”, “çalmeslek” ýaly ysy bark urup duran çalt ýetişýän gawunlary-da, “waharman”, “akhytaý”, “göktorly” ýaly adatdan daşary lezzetli aralyk wagtda ýetişýän gawunlary-da, “paýandaky”, “garrygyz” ýaly etlek giç ýetişýän gawunlary-da ekipdir. Lebap sebiti hem tagamy agzyňdan gitmeýän gawunlary bilen şöhratlanypdyr. Çelekeniň ilaty ýazyna Ogurjy adasynda gawun ekip, soňra bu ýere diňe güýzde ýa-da gyşyň öň ýanynda hasyl ýygnamak üçin gelipdir. Hatda Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarýakasynyň ilatly nokatlarynda hem gawun ýeterlik mukdarda ösdürilip ýetişdirilýär eken.

Görşümiz ýaly, gawun geçmişde halkymyzyň gündelik durmuşynda örän möhüm orna eýe bolupdyr.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bakja ekinlerini, şol sanda gawun ösdürip ýetişdirmäge berilýän uly üns barada gysgaça durup geçdi we soňra söz sözlemek gezegini myhmanlara berdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty professor Amanguly Magtymow, Köpetdag häkimliginiň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Gurbandurdy Annadurdyýew, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň gök bakja ekinleriniň seleksiýasy bölüminiň müdiri Akmämmet Akyýew, “Bereketli toprak” gazetiniň habarçysy, şahyr, “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň geobotanika we milli gerbariý barlaghanasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýet bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewa, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, “Galkynyş” gazetiniň bölüm redaktory Leýli Gurbanowa, Il ýaşulysy Kadyrberdi Jepbarow dagy öz eden çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler, gawunyň dürli görnüşleri, onuň datly nygmat hökmündäki peýdalary, ondan taýýarlanylýan önümler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Dabara Türkmenistanyň Ilkinji Prezidentiniň muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Ruhabat galla önümçilik toplumynyň işgärleri, Köpetdag häkimliginiň Ýaşulylar geňeşiniň agzalary myhman hökmünde gatnaşdylar.

Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar onda görkezilen täsin muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Sergi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.