Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 30-njy awgustynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gurnan “Bilim – zehiniň çyragy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.

 

 

Bilim zehiniň çyragy

 

“Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek döwletimiziň bilim syýasatynyň baş aksadydyr”

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senesidir. Bilim – paýhasly pederlerimiziň geljek nesillere galdyran iň gymmatly mirasydyr. Bilim hemme döwürlerde-de millilik edebimiziň aýrylmaz bölegi, durmuşyň talaby bolup, nesilleriň kalbynda orun alandyr. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda halkymyzyň bu asylly ýörelgesi döwrebap derejede ösdürilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap ýokary, orta we orta hünär okuw mekdepleri, çagalar baglary gurlup, ulanmaga berilýär. Okuwçylary okatmakda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň kömegi bilen täze usulyýetler ulanylýar. Şolaryň arasynda multimedia tagtasy, okatmagyň interaktiw usullaryny bellemek bolar. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin mekdeplerde täze okuw dersleri girizilýär, bar bolan dersler döwrebap kämilleşdirilýär. Berkarar döwletimizde türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyny, şol sanda ýokary bilimi, orta hünär okuw we umumybilim berýän mekdeplerde özgertmek işini yzygiderli alyp barýar we berk gözegçilikde saklaýar. Täze okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanyldy. 1-nji synplara kabul edilen çagalara okuw kitaplary we esbaplary bilen birlikde, şahsy kompýuterler sowgat berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan Bilim – zehiniň çyragy” atly sergi gurnaldy. Sergide milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda zergärlerimiziň ajaýyp sungat eserleri, hormatly Prezidentimiziň bilim baradaky aýdan pähimli sözleriniň ýazgylary, täze okuw kitaplary, tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklar, barlaghana enjamlary, şeýle hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan, taryhy işleri beýan edýän ýazgylar we XX asyra degişli fotosuratlar görkezilýär.

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça geçirilýän netijeli işler üçin ýaşlaryň hormatly Prezidentimize alkyşy çäksizdir.