SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝYLY BOLAN 2017-NJI ÝYLYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN SERGI


2017-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň belent nusgalary” atly serginiň açylyş dabarasy boldy.

2017-nji ýyl berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna milli we halkara ähmiýetli uly wakalaryň bolup geçen ýyly hökmünde girer. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etmegi halkymyzyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Sentýabr aýynda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilip, onda türkmen türgenleri şowly çykyş etdiler.
Medeniýet ulgamynda hem ýatdan çykmajak taryhy wakalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny halkymyza serpaý etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ahal welaýatyndaky Nowruz ýaýlasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň açylyşy hem toý-dabaralara beslendi. 2017-nji ýylda türkmen milli küşdepdi tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň, hususan-da ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň şatlygyna şatlyk goşdy.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy we dabara gatnaşyjylary golaýlap gelýän Täze ýyl baýramy bilen gyzgyn gutlady. Ol öz çykyşynda tamamlanyp barýan 2017-nji ýylyň bütin ýurdumyzyň, her birimiziň ykbalymyzda ýakymly täsirlere beslenen ýyllaryň biri bolandygyny nygtady. Soňra “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň jogäpkär kätibi Jumaberdi Artykow, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Dürnabat Aşyrowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikleri gurnaýjysy Maýa Aşyrgeldiýewa, “Galkynyş” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Leýli Gurbanowa dagy çykyş edip, dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän täze ýyl bilen gutlap, gowy arzuw-niýetler etdiler we tamamlanyp barýan 2017-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan uly üstünlikler barada gürrüň berdiler.
Dabara muzeýde geçirilýän baýramçylyk çäresi bilen utgaşyp gitdi. Baýramçylyga gatnaşmak üçin gelen çagalaryň şadyýan sesleri, olaryň okan goşgulary, aýdan aýdymlary bu ýere gelenleriň göwnüni gakyndyrdy.
Soňra dabara gatnaşyjylar hem-de hormatly myhmanlar jemleýji sergide görkezilen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Sergi olarda uly täsir galdyrdy.