“Sagdynlygyň we ruhubelentligiň belent nusgalary” atly jemleýji serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň ählisini 2017-nji ýylyň 30-njy dekabrynda sagat 1000-da myhmançylyga çagyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli gurnalan “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň belent nusgalary” atly jemleýji serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň ählisini 2017-nji ýylyň 30-njy dekabrynda sagat 1000-da myhmançylyga çagyrýar.

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BELENT NUSGALARY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etmegi ýurdumyzda şu ýylda amala aşyrylan işleriň ählisine özboluşly aýratynlyk bagyşlady. 2017-nji ýylyň dowamynda bolup geçen şanly wakalar ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça öňe ilerleýändigine, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň barha gowulanýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle taryhy wakalaryň hatarynda bolsa, ilkinji nobatda, geçen ýylyň fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynda bütin il-ulsumyzyň agzybirlik bilen hormatly döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýokary döwlet wezipesine saýlamagyny görkezse bolar. Şeýle hem ýurdumyzyň Lebap welaýatynda kaliý dökünini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir we awtomobil ýollary üçin köpriniň, Mary welaýatynyň merkezinde bina edilen saglyk merkeziniň, Awazadaky sport toplumynyň, paýtagtymyzda Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň, Köpetdagyň eteginde gurlan “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň, ýaşaýyş jaýlar toplumynyň we golf oýny üçin meýdançany özünde jemleýän sport toplumynyň ulanylmaga berilmegini ýatlap geçmek gerek.
Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilip, onda türkmen türgenleriniň şowly çykyş etmegi 2017-nji ýylda gazanylan şanly üstünlikleriň biri boldy. Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndysy 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç – jemi 245 medal gazanyp, toparlaýyn birinji orna mynasyp boldy.
Oktýabr aýynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçip, onda il-ýurt bähbitli taryhy kararlar kabul edildi. Maslahatda milli Liderimiziň teklibi boýunça 2018-nji ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyryldy. Maslahatda hormatly Prezidentimize ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymanynyň “Altyn Aý” nyşany gowşuryldy.
Döwlet muzeýinde gurnalan “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň waspy” atly jemleýji sergi hem 2017-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan üstünliklere bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly sözleri serginiň many-mazmunyny kesgitleýär. Milli Liderimiziň welosiped, kwadrosikl sürüp barýarka, tennis oýnaýan wagty, Saglyk ýolundan barýarka, sport ulagyny dolandyrýan wagty düşürilen suratlary serginiň ähmiýetini has hem artdyrýar. Sergide Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Nyşanynyň we Tumarynyň şekillerini hem synlamak bolýar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde sportuň V Aziýa oýunlarynyň düzümine giren 21 görnüşi, meşhur türkmen türgenleri barada gyzykly maglumatlary almak mümkin.