Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde geçirilýän “Ýüpek ýoly” atly VI halkara medeni EKSPO sergisinde Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary sergilendi

Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde geçirilýän “Ýüpek ýoly” atly VI halkara medeni EKSPO sergisinde Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary sergilendi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegi boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanylýan gymmatlyklar bilen daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere gatnaşmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Dunhuan halkara sergi merkezinde “Ýüpek ýoly” atly VI halkara medeni EKSPO sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabara Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň we Dunhuan şäheriniň häkimleri we ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu halkara sergisiniň açylyş dabarasyna birnäçe daşary ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewyň ýolbaşçylygyndaky muzeý işgärleri hem gatnaşdylar. “Ýüpek ýoly” atly VI halkara medeni EKSPO sergisinde Türkmenistanyň sergisi, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň welaýatlarynyň sergisi gurnaldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklary we amaly-haşam sungatynyň eserleri sergilendi. Sergide esasy ýüpek ketenilere we ýüpek ketenilerden tikilen egin-eşiklere, ýagny keteni köýneklere, çabytlara, çyrpylara, kürtelere aýratyn orun berildi. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografik ýygyndylary, şol sanda ajaýyp zergärçilik önümleri, el işleri, türkmen halylary hem­de haly önümleri, milli saz gurallary we beýleki özboluşly gymmatlyklar bar. Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleri, ýagny Orta asyr döwletler barada fotosuratlar hem-de maglumatlar, taryhy we medeni ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklary görkezýän fotosuratlar sergide öz beýanyny tapýar. Sergide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp şahyryň portreti we kitaplary görkezilýär. Şekillendiriş sungatynyň eserleri hem sergide öz beýanyny tapýar. Monitorlarda Diýarymyzyň ÝUNESKO­nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy­medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy bilen, taryhy şahsyýetlerimiz bilen, şeýle hem ýurdumyzyň beýik ösüşleri bilen tanyşdyrýan slaýdlar we wideorolikler görkezilýär. Monitorlarda Döwlet muzeýiniň ekspozisiýa zallaryndaky gymmatlyklar bilen tanyşdyrýan wideorolikler hem görkezilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan gymmatlyklar bilen diňe bir öz halkymyza däl, eýsem, türkmeniň geçmişi, milli däp­dessurlary bilen gyzyklanýan daşary ýurtlulara hem giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklaryny daşary ýurtlarda sergilemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!