Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrylmagy mynasybetli muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda medeniýet ulgamyny ösdürmek we halkymyzyň medeni-ruhy derejesini ýokary götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň bäş müňýyllyk baý taryhy mirasy, medeniýeti we etnografiýasy bar. Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyşlaryň köp öwüşgünlüligi boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikleri, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri we durmuş esbaplary degişlidir. Halkyň däp-dessurlary häzirki zaman jemgyýetiniň geçmiş, milli ýaşaýyş, medeniýet bilen arabaglanşygyny pugtalandyrýar. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 11-16-sy aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde “ Arkadag Serdarly halkyň milli mirasy” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýi hem-de “Magtymguly Pyragy we edebi miras” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde hepdelik sergi gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndan gözel ülkämizi wasp edýän hala çitilen şekiller, haly we haly önümleri, şeýle-de milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, saz gurallary sergide görkezildi. Sergä Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Göçme serginiň gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi.