Primary tabs
Submitted by museum on 10.07.2025
2025-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Şekillendiriş sungaty” we “Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag” bölümleriniň işgärleri tarapyndan Gökderedäki “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çaganyň hukugy” atly çäraniň çäginde göçme sergi gurnaldy. Ol merkezlerde çagalar üçin peýdaly duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar. Bu sergide türkmen halkynyň gadymdan galan egin-eşikleri, haly önümleri, öý hojalyk esbaplary we ýurdumyzda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň gäpleri görkezildi. Çagalar serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada gyzykly maglumatlary diňlediler. Şeýle hem haýwanlaryň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi baradaky täsin maglumatlar bilen tanyşdylar.
Bu sergi çagalaryň ata-babalarymyzdan miras galan nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam berer.