Primary tabs
Submitted by museum on 19.09.2025
2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy bilen ýurdymyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdymyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemledi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergide medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan ajaýyp gymmatlyklar goýulan. Bu gymmatlyklar ýurdymyzyň syýasatyny beýan edýän zergärçilik eserleridir. Bu sungat eserleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza daşary ýurtly syýasy wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleri tarapyndan sowgat berlen. Ata Watanymyzyň syýasatyny we paýtagtymyzdaky ajaýyp binalaryň görnüşini beýan edýän bu zergärçilik eserleriniň ählisi gymmat bahaly metallardan ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir.
Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň göreldeli talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryny beýan edýän sungat işleri görkezildi. Ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini 20-nji sentýabra çenli dowam eder.