Primary tabs
Submitted by museum on 20.01.2026
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynda, goňşy döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygynda Türkmenistan dünýäde agzybirligiň, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza gulluk edýän, eziz Diýarymyzyň parahat durmuşyny, halkymyzyň asudalygyny goraýan merdana esger – parahat, asuda ýurduň gaýratly, edermen, merdana ogludyr. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilmegi Döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewiligini gorap saklaýan merdana gerçeklerimize bildirilýän uly ynamyň, goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly sergi guraldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Döwletmyrat Rejepow açdy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, türkmen esgeriniň parahat, asuda, abadan Watanymyzy goramakdaky mynasyp orny barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdi. Soňra «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, kapitan Myrat Sapargulyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň uly leýtenanty Atamyrat Aşyrgeldiýew Milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň, söweşjeň kuwwatynyň we ýeten belent derejesiniň tutýan orny barada çykyş etdiler. Olar harby kasama, harby borja wepalylygyň jogapkärçiligi hem-de uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmagyň hormatynyň uludygyny bellediler. Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Daýanç Ataýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Parahat Ataýew çykyş etdi. Olar hormatly Prezidentimiziň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň, ýaşlar baradaky aladasynyň mynasyp beýanyny tapýandygyny aýdyp, döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdiler. Sergide edilen çykyşlar halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, ynsanperwerliginiň, dost-doganlyga sarpa goýýan belent maksatlaryna ygrarlydygyny şöhlelendirdi.



























