"Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy"

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly, ösüş-özgerişler bilen öňe barýan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralanmagy ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli "Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy" atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan bedew atlaryň milli bezeg şaýlary bilen bezelen fotosuratlary, tanymal suratkeşleriň ýerine ýetiren bedew atlary beýan edýän surat eserleri görkezilýär. Sergide arheologiýa tapyndylaryna degişli bolan bişen toýundan syrçalanyp ýasalan at heýkeljikleri hem sergide görkezilýär. Ata-babalarymyzyň at üstüni şa tagtyndan eý görüpdirler, bedewini hormatlap, ony altyn-kümüş bilen, haly önümleri bilen bezäpdirler. Serginiň görnükli ýerinde türkmen halkymyzyň milligini görkezýän “Ak öýüniň” içinde türkmen zenanlarynyň ussatlyk bilen dokan haly önümleri bolan dürli görnüşdäki torbalary, horjunlary, argaç çuwallary, ak öýüň bil ýüpleriniň görnüşlerini, at torbalaryny, erkek adamlaryň geýýän agarçäkmen, gyrmyzy donyny, halydan at basyryk, at ýapynjasyny, üsti eýerlikli atyň eýerlerini synlamak bolýar. Tärimiň iki gapdalynda gotazlar şeýle-de seçekler bilen bezelen at ýapynjanyň, haly eýerligiň, üstünde bezelip goýulan at şaýlary bolan boýunlygyň, göwüsbendiň, at gamçysynyň, uýan toplumynyň görnüşlerini görmek bolýar. Bu ýerde ussat zergärlermiziň döreden türkmeniň ahalteke bedewlerini wasp etýän, döwrüň bedew bady bilen ösüşlere barýandygyny alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik eserlerini hem görmek bolýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar. Sergini Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri, Döwlet Rejepow gutlag sözi bilen açdy. Sergide Türkmenistanyň Halk arsisti. Türkmenistanyň Döwlet menediýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli artisti Suhanberdi Orazberdiýew, Watan gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bölüm müdüri. Akademiýanyň zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa-ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Nowça Orazberdiýewa çykyş etdiler. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde "Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy" atly sergä aýlanyp gördüler.