«Taryhy gymmatlyklar – gadymyýetiň syrly sahypalary»

Geçmişi şöhratly merdana türkmen halkymyz özüniň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, medeni mirasy bilen dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini milli gymmatlyklarymyz hem-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler hem doly tassyklaýar. Häzirki wagtda milletimiziň medeni we taryhy gymmatlyklaryny aýap saklamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Taryhy gymmatlyklar – gadymyýetiň syrly sahypalary» atly sergi guraldy. Bu sergide Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky «Abiwerd», «Nusaý», «Dehistan», «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanalaryndan hem-de onuň golaýyndaky gadymy depelerden tapylan şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan tabşyrylan taryhy gymmatlyklar ilkinji gezek görkezilýär. Sergide «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan tapylan gymmatlyklardan eneolit döwrüne degişli bolan nagyşly keramiki gaplar we gabyň bölekleri, zenan heýkeli, haýwan heýkelleri, oýnawaç, arabanyň bölegi we möhür ýaly birnäçe taryhy gymmatlyklary synlap bolýar. «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde küýze böleginiň ýüzünde zenan şekili çekilen gymmatlyk täsinligi bilen tapawutlanýar. Şekiliň çeperçilik taýdan ýerine ýetirilişi şol döwrüň surat çekmek we keramikany bezemek däpleriniň ösendigini görkezýär. Serginiň dowamynda bina bezeg bölekleri bolan freskalar, metopalar hem-de toýun gaplary görmek bolýar. «Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde Aleksandr Makedonskiniň şekili çekilen kümüş teňňe, toýundan ýasalan itiň we horazyň şekiljigi hem-de toýun çyraglary görmek bolýar. Günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Dehistan arheologik ýadygärligine mahsus bolan X-XII asyrlara degişli bolan bişen toýundan, altynsow öwüşgin berlip ýasalan çeper keramiki önümleri bolan küýze, tabak, şakäse, okara ýaly gaplar sergide aýratyn orna eýedir. Orta asyrlara degişli bolan metal önümleri hem serginiň dowamynda görmek bolýar. Olardan ýarymaý şekilli bürünçden ýasalan, daşy çyzma usulynda, dürli görnüşli nagyşlar bilen kaşaň bezelen gutyjyk sergä aýratyn bezeg berýär. Şeýle-de sergide gapagyna guşuň şekili berilip, daşy haşamlanyp bezelen aýakly küýze hem-de birnäçe asma gazanlar görkezilýär. Sergide metaldan ýasalan at naly bolsa türkmen jemgyýetinde atçylyk medeniýetiniň ösüşini şöhlelendirýän taryhy tapyndy bolup durýar. Nal atyň toýnagyny goramak we uzak ýollarda hereket etmegini ýeňilleşdirmek üçin ulanylypdyr. Bu tapyndy bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky uly ornuny görkezýär. Bu sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Paryzdepe we Şährislam ýadygärliklerinde geçiren gazuw-barlag işleriniň netijesinde tapylan syrçaly we syrçasyz keramiki gaplar hem sergimiziň görnükli ýerinde öz ornuny tapdy. Dürli görnüşli gaplar özleriniň taýýarlanyş usuly, syrçasynyň reňki, bezeg nagyşlary we görnüşleri bilen orta asyr küýzegärçilik senetçiliginiň ösen derejesini görkezýär. Şeýle hem sergide Paryzdepe ýadygärligine degişli bolan binanyň bezeg bölekleri gadymy galalaryň taryhy keşbini, gadymy gurluşyk medeniýetini görkezýän möhüm gymmatlyk bolup durýar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Arheologiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory Allaguly Berdiýew, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Maksat Amanow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow çykyş etdiler.