Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2026-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili» atly sergi gurnaldy. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär. Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär.
Mundan başga-da sergide hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de türkmen suratkeşleriniň bagtyýar döwrümizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän surat eserlerine esasy orun berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow gutlag sözi bilen açdy.
Sergä Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bölüm müdiri, Biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasyň bölüm müdiri, Akademiýnyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Baýramowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň kärhanalarda Ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň mugallymy Akgül Baýlyýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeniýeti öwreniş” taýýarlyk ugrunyň magistranty Süleýman Haýdarow gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.

































