Milli mirasyň nusgalary

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklary medeniýetimiziň öçmejek şöhratydyr we halkymyzyň ruhy baýlygydyr. Şeýle ajaýyp milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de ylmy esasda öwrenip geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milletiň taryhy-medeni baýlyklaryny gorap saklaýan we ýurdumyzyň iri merkezleri bolup durýan Türkmenistanyň muzeýleri bu möhüm işiň durmuşa geçirilmeginde wajyp orny eýeleýär. Muzeý hazynalary diňe bir taryhy şaýatlary saklaýan mekan bolman, eýsem halkyň ruhy dünýäsini, milli buýsanjyny we gözellik baradaky düşünjelerini nesilden-nesle geçirýän mukaddes ojakdyr. Bu günki gün muzeý gaznasy, köp ýyllaryň dowamynda taryhy gymmatlyklary gözüniň göreji ýaly gorap saklan zenanlarymyz tarapyndan gowşurylan gymmatly maddy eserler bilen baýlaşdyryldy. Ilat tarapyndan esaslandyrylan hususy öý muzeýlerinden ýa-da maşgala hazynalaryndan Döwlet muzeýine tabşyrylan milli gymmatlyklar taryhymyzy dikeltmekde we ony ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmekde ägirt uly orun eýeleýär. Şeýle ajaýyp buýsançly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Milli mirasyň nusgalary” atly sergi guraldy. Serginiň dowamynda ýakynda muzeýimiziň gaznasyny has-da baýlaşdyran Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy, öý muzeýiniň toplamasyny döreden zenan Maýa Berdigylyjowa tarapyndan gowşurylan gadymy öý-hojalyk esbaplary, küýze önümleriniň dürli görnüşleri, dürli ölçegdäki we dürli görnüşdäki metal önümleri, dokmaçylykda ulanylan gurallar, türkmeniň milliligine mahsus bolan ak öýlerimiziň içini bezän haly önümleriniň dürli görnüşi, şeýle hem türkmen milli egin-eşikleri we şaý-sepleri, çile tahýadan başlap baş gaplaryň dürli görnüşleri, gön önümleri, görkezilendir. Ondan başga-da bu sergide Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy telekeçi Aknabat Towyýewanyň muzeýe gowşuran düýe ýüňünden dokalan agar çäkmenini hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Täzegül Amanlyýewa Sopy gyzy tarapyndan gowşurylan türkmen zenanlarynyň milli egin-eşigi bolan ýaşyl kürte, gyzyl çabyt, gyzyl keteni köýnegini görmek bolýar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewiň gutlag sözi bilen açdy. Sergide Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Berdigylyjowa, “Mähirli zenan” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy we direktory Durdylyýewa Aýna Çaryýewna, “ Zenan kalby ” žurnalynyň bölüm redaktory Ýazgül Annaýewa, Türkmen Halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni Akjagül Baýramowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Göwher Hydyrowa çykyş etdiler.