«Zähmet – bereket çeşmesi»

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda biziň ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu sene bilen baglylykda “Zähmet – bereket çeşmesi” atly sergi gurnaldy. Sergi ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň häzirki zaman gazananlaryny öz içine alýan gymmatlyklary bilen başlanýar. Sergide ajaýyp haly pannolary we ýurdumyzyň çeper elli nakgaşlarynyň çeken suratlary tomaşaçylary ak pagta hem-de altyn öwüşginli bugdaý meýdanlaryna getirýär. Inçe süýümli pagta hem-de ýüpek gurçugynyň pileleri bilen doldurylan horjunlar hem sergini bezeýär. Şu ýerde ussat zergärleriň işleri hem goýlupdyr. Olar pagta düýpleri, bugdaý sümmülleri, üzüm hoşalary we başga miweleri bezeg daşlardan we metallardan taýýarlanan önümlerdir. Serginiň dowamynda köp sanly çap neşirleri ýerleşdirildi. Kitaplar we suratly žurnallar Garaşsyz Türkmenistanyň azyk bolçulygyny döretmekde hem-de oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda gazanan beýik üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri barada giňişleýin gürrüň berýär. Serginiň ikinji bölümi türkmen topragynda ekerançylygyň ösüş ýoluny — ilkinji ekinleriň dörän döwürlerine bagyşlanýar. Bu ýerde ekerançylyga degişli täsin taryhy eksponatlar sergilenýär. Bu bolsa Türkmenistanyň çäklerindäki gadymy ekerançylyk ýadygärlikleriň tapyndylary hem-de zähmet gurallary ene topragy bejermegiň milli medeniýetiniň çuňňur köklerini görkezýär. Soňra Türkmenistanda oba hojalygyny XX asyryň 30-50-nji ýyllarynda ösdürmegiň taryhyna bagyşlanan gymmatlyklar hödürlenýär. Şol ýyllara degişli foto suratlarda pagta meýdany, pagta ýygýan zenanlar, ilkinji traktor, hasyl ýygnamagyň gyzgalaňly pursatlary, oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmeti beýan edilýär. Sergide türkmen halkynyň durmuşda ulanan gadymy esbaplaryny hem görmek bolýar. Bu sergi pederlerimiziň däp-dessurlaryna goýulýan sarpanyň hem-de Watanymyzyň häzirki zaman zähmet ýeňişlerine bolan buýsanjyň aýdyň şaýady bolar. Sergininiň açylyş dabarasyny Tebigaty we ülkäni öwreniş muzeýi bölüminiň esasy hünärmeni Mähri Ataýewa. Dabarada Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni Akjemal Suhanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň kafedra müdiri, uly mugallymy Amanmyrat Allanurow, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wagyz-nesihat işleri boýunça hünärmeni Gülnar Çaryýarowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa we “Bereketli toprak” gazetiniň korrektory Şageldi Salihow çykyş etdiler.