Primary tabs
BALKAN WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
Muzeý öz gymmatlyklaryny ilkinji gezek halk köpçüligine 1974-nji ýylda görkezip başlaýar. Onuň sergi jaýy türkmen nebitiniň 100 ýyllygy bellenilýän döwürde - 1977-nji ýylda açylýar. Muzeý 1986-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda “Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine” öwrülýär. Muzeýiň täze, ak mermere beslenen binasy 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.
Bu ýerde Balkan welaýatynda ýerleşen Gadymy Dehistanyň şäherleridir, obalarynda, gadymy Sumbar jülgesiniň ugurlarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri esasynda tapylan tapyndylar sergilenen. Muzeý gaznalarynda 7,5 müňe golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar.
Galkynyş bölüminde welaýatyň ykdysadyýetini ösdürmek, oba hojalygynyň, senagatyň, medeniýetiniň we beýleki pudaklaryň alyp barylýan işler fotosuratlaryň, maglumatlaryň, resminamalaryň we gymmatlyklaryň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär.
Tebigat bölüminde Günbatar Türkmenistanyň subtropiki künjekleriniň, daglyk we çöl ýerleriniň, deňiz kenarlarynyň täsin owadanlygy suratlandyrylýar. Dünýäde ýeke-täk daşda saklanyp galan düýäniň aýak yzlary, 270 million ýyl bolan, paleozoý döwrüne degişli daşa öwrülip giden agajyň bölekleri muzeýe gelýänleri haýran galdyrýar.
Arheologiýa bölüminde Jebel gowagy, Dam-dam çeşme gowaklary, Uzboýyň medeni ýadygärlikleri, Şehitburun, Aktam duralgalary ýaly Günbatar Türkmenistanda ilkidurmuş adamlarynyň ýaşandyklaryndan habar berýän gadymy arheologik ýadygärlikler barada gyzykly maglumatlar görkezilen.
Etnografiýa bölüminde Günbatar Türkmenistanda ýaşap giden ata-babalarymyzyň maldarçylykda, ekerançylykda, nebit çykarmakda, balykçylykda, awçylykda, hünärmentçilikde we senetçilikde gazanan tejribelerini we usatlyklaryny görmek bolýar. Ýarag ýasaýan, ädik, telpek, possun tikýän ussalaryň işleri, welaýatyň halkyna mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýan gelin-gyzlaryň, erkek kişileriň, çagalaryň milli egin-eşikleri, haly we keçe önümleri bölümiň esasy gymmatlyklarydyr.
Hazar ýakasynda ýaşaýan türkmenleriň agaçdan gurýan “aýakly jaýlaryna” hem muzeý ekspozisiýasynda aýratyn orun berlendir.