Primary tabs
2022 nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany” atly ylmy-amaly maslahat we onuň çäginde “Ýüpekçilik – gadymy senet”atly sergi
gurnaldy.
Türkmenleriň ýüpekçilik medeniýeti öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýüpekçiligiň halkymyzyň iň inçe, gadymy senetleriniň biri bolandygyna dürli taryhy çeşmeler, ýurdumyzda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw- agtaryş işleri şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäkleri taryhy ýerleriň Ýüpek ýolynyň çatrygynda ýerleşip, onuň ykdysady taýdan howpsuzlygyny üpjün etmekde we yzygiderli amala aşyrylmagynda esasy köpri bolup hyzmat edipdir. Türkmenleriň döreden gymmatlyklaryna ýüpek matalary, Beýik ýüpek ýoly boýunça alnyp barylan söwda gatnaşyklarynda uly isleg bildirilen harytlaryň biri bolupdyr. Söwda kerwenleri arkaly Mary, Ürgenç, Nusaý, Dehistan ýaly uly şäherleriň şowhunly bazarlarynda Çyn-Maçyndan, Şamdan, Yrakdan, Eýrandan, Hindistandan, Kawkaz ýurtlaryndan getirilen matalaryň, şalyň, çig ýüpegiň söwdasynyň bolandygy orta asyr ýazuw çeşmelerinde teswirlenilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň guramagynda “Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpekçilik-gadymy senet” atly sergi gurnaldy. Maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa açdy. Maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçilik kafedrasynyň uly mugallymy Arzygül Kakalyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Jeren Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler.
Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde ýüpekçiligiň taryhy, pileleriň görnüşleri we ýüpek dokmaçylygynda ulanylýan gurallar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da türkmen milli egin-eşikleriniň aglaba bölegi: keteni köýnekler, donlar, başgaplar, başatgyçlar goýlupdyr. Ik egirip oturan türkmen zenanynyň görkezilmegi serginiň milliligini artdyrýar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň gurnan sergisinde döwrebap lybaslar, ýüpekden dokalan haly we haly önümleri, matalar, ýagny, pombarhatlar, keteniler, düýpli gyňaçlaryň sergilenmegi ýüpekçilik pudagynyň häzirki döwürde kämilleşýändiginiň beýanydyr.