Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisi

 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy, oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.

Bu sergide amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de zehinli türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan, dünýä gymmatlyklary hasaplanylýan nepis halylar görkezildi.

Sergi bölüminiň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergilenýän asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli senetçilik sungatyny dowam etdiriji – Ogulabat ejäniň döreden nagyşly kürtesi aýratyn orun eýeledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary bu kürtäni ýakyndan synlap, Ogulabat ejäniň çeken keşdeleri çeper elli gyzlar üçin nusga bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellediler. Türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilmegi onuň dünýä medeniýeti üçin uly ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanylýan zergärçilik, keşdeçilik sungatynyň gymmatlyklary serginiň görnükli ýerinde aýratyn orun eýeledi. Täsin milli senetçilik önümleri hem-de zergärçilik şaý-sepleri ähli döwürlerde olary synlanlary haýran galdyrypdyr.

Serginiň hormatly myhmanlary görkezilen işler bilen höwesli tanyşyp, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklaryň we asylly däp-dessurlaryň möhümdigini bellediler.