Submitted by museum on 10.08.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyna, gelin-gyzlarymyzyň zehin başarnygyndan dörän çeper el işlerine uly hormat goýulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömründe yhlas siňdirip ýerine ýetiren el işleri gelin-gyzlara nusgalykdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň ören alajasy bilen şol alajany örmekde ulanylýan iş guralyny sowgat bermegi bilen baglanyşykly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, medeniýet we sungat ussatlary, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni-aň, bilim işleri bölüminiň baş hünärmeni Sülgün Myradowa alyp bardy.
Maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa, Ylym we bilim işleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap geňeşliginiň hünärmeni. Türkmenistanyň parahatçylyk gaznasynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy Baýramsoltan Myradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Bahar Mämmedowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni Näzikjemal Durdykakaýewa, «Türkmenistanyň Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa, M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa çykyş etdiler.
Maslahatda Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden el işleri türkmen zenanlary üçin görüm-göreldedir, durmuş mekdebidir diýip, çykyş edenler bellediler.