Primary tabs
Çaga – her bir maşgala üçin hem, döwlet üçin hem iň uly gymmatlyk bolup geljegimiziň dowamatydyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr.
2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany» atly sergi gurnalýar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Aşgabat şäheriniň tebigy bilimleri çuňlaşdyryp öwredýän 44-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Şirinjemal Ýegelekowa, «Güneş» žurnalynyň habarçysy Güljahan Myradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Sergide mähriban enelerimiziň kalbynyň söýgüsi siňen, çagalar üçin niýetlenip tikilen milli egin-eşikleri, şeýle hem muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan, çagalaryň el işleri sergilendi.





































