Primary tabs
Submitted by museum on 14.03.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdymyzyň ähli künjeklerinde milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli Nowruz ýaýlasynda dürli aýdym-sazly dabaralar, folklor çykyşlar we milli oýunlar uly ruhubelentlik bilen ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli “Täze günüň telwasy" atly sergi gurnaldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan nusgalyk, gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen meşhur medeni gymmatlyklarymyz görkezildi. Ondan başga ussat suratkeşleriň türkmen tebigatynyň bahar paslyny wasp edýän surat eserleri, hünärmençiligiň ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen zergärçilik önümleri bolan bezeg şaýlary, nagyşlaryny tebigat gözelliklerinden alan keşdeler bilen bezelen milli egin-eşikleriň asyl nusgalary serginiň görnükli ýerinde orun aldy. Halk senetçiliginden türkmeniň milli saz gurallary bolan dutary we gyjagy, durmuş, öý hojalyk esbaplarynyň taryhy görnüşlerini synlamak bolsa sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Türkmen sährasynyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, gül-gülälekli meýdanyny, haýwanat dünýäsini janlandyrýan şekilli halylar sergide özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Serginiň dowamynda haly we haly önümleri bilen bezelen tärimiň öňünde milli lybasly maneken gelniň el degirmeninde un üweýän pursatlaryň hem-de Nowruz baýramynyň buşlukçysy bolan bugdaý maýsalarynyň, milli tagamlar pişmedir semeniniň goýulmagy baýramçylyk däpleriniň öwüşgini has-da artdyrdy.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkemistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň uly ylmy işgäri Jahan Nazarowa açdy. Sergide Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň uly mugallymy Jumaberdi Artykow, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullygy akademiýasynyň diňleýjisi Garahanjar Baýhanow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň talyby Nursoltan Derýaýewa çykyş etdiler.