Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sergi guraldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagy mynasybetli 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli çäre geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Nowruz geldi ilime» atly göçme sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň gadymy egin-eşikleri, inçelik bilen dokalan milli haly we haly önümleri, dürli saz gurallary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary hem-de gelin-gyzlarymyzyň milli şaýsepleri, şeýle hem sergide türkmen baharynyň gözel tebigatyny suratlandyrýan şekilli halylar görkezildi. Geçirilen göçme sergide Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary Döwlet muzeýiniň gurnan täsirli sergisi üçin özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.