Primary tabs
Submitted by museum on 15.04.2025
Şu ýylyň 13-nji apreli – 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisi geçirilýär. Bu abraýly halkara gözden geçirilişe Türkmenistan hem gatnaşýar. Milli sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Pawilýonda daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti, taryhy, şeýle hem döwletimiziň häzirki ykdysady, intellektual, eksport kuwwaty we mümkinçilikleri bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrylar.
Bütindünýä sergisi «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar astynda geçirilip, «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly üç mowzuk boýunça guraldy.
Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölüminde ýerleşdirilýär. Sergi 184 gün dowam eder. Şu wagtyň dowamynda bu iri forum ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, ykdysadyýeti, şeýle hem soňky ýyllarda innowasion ösüşde, esasan-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan tejribeler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylary milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryndaky, ýagny gurluşykdaky, energetikadaky, senagatdaky, ulag-aragatnaşykdaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga hem aýratyn üns berilýär.
Serginiň dabaraly açylyşyndan bir gün soňra ýurdumyzyň milli medeniýet güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Türkmenistan sergä gatnaşýan 160 ýurduň arasynda bu hormata ilkinji mynasyp bolan ýurtlaryň biridir. Çäräniň dowamynda myhmanlaryň ýurdumyz barada giňişleýin maglumat almaklary täsin arheologik eksponatlaryň, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň sergisi, Watanymyza wirtual syýahat, milli tagamlar we aýdym-sazlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Osakada Türkmenistanyň milli pawilýony gapysyny giňden açdy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet toplumynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalary bolan milli şaý-sepleriň birnäçe görnüşleri, Türkmeniň milli ak öýüni, ahalteke bedewleri, düýe mallaryny bezemekde ulanylan haly we haly önümleriniň ajaýyp nusgalary, häzirki zaman zergärçilik we heýkeltaraşlyk sungatynyň ajaýyp eserleri, türkmen milli saz gurallary görkezilendir. Şeýle-de, serginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Nusaý galasyndan tapylan b.e.öň III - b.e III asyry aralygyndaky taryhy döwür bilen senelenýän arheologiki tapyndylaryň nusgalaryny görmek bolýar. Mundan başga-da, mawy ekranyň ýüzünde türkmen medeniýetine, sungatyna, taryhyna degişli wideo şekiller görkezilýär.