“Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sergi gurnaldy

“Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sergi gurnaldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri dürli gymmatlyklary muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar. 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 1-na Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Türkmenistanyň tebigy we milli gymmatlyklary” atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Serginiň dowamynda Türkmen halkynyň milli egin-eşikleri we haly önümleri bilen tanyşdylar. Çagalar bilen sorag-jogap alyşylmagy olarda uly täsir galdyrdy.