Primary tabs
Submitted by museum on 02.07.2025
“Gözel tebigatym we milli mirasym” atly sergi gurnaldy.
Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökdere jülgesindäki “Nesil” we “Çeşme” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölümi tarapyndan “Gözel tebigatym we milli mirasym” atly sergi gurnaldy.
Bu sergide ülkämiziň baý tebigatynda duş gelýän birnäçe guşlaryň gäplerini, ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli egin-eşiklerini, haly we haly önümlerini, dokmaçylyga degişli, gündelik durmuşyna degişli esbaplary görkezildi. Tomusky dynç alyşdaky çagalara muzeýiň ylmy işgärleri Şirin Karaýewa we Aýgül Maşrykowa dagylar muzeý işi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi tebigatymyzyň gözellikleri we baý medeni mirasymyz bilen tanyşdyrmak, olarda watançylyk terbiýesini ösdürmekde muzeý hünärmenleri birnäçe işleri alyp barýarlar.