Primary tabs
Submitted by museum on 10.07.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär.
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigi barada aýdan sözlerinden ugur alyp muzeýara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Döwlet muzeýine täze kabul edilen gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Onda Orta asyr ýadygärliklerine degişli täze kabul edilen arheologiýa tapyndylary, şeýle hem şu ýylyň dowamynda toplanan etnografiýa degişli gymmatlyklar görkezildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktory Maksat Kerimow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek bölüminiň başlygy Maksatmyrat Amanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Bilbil Saparowa çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada, esasan hem muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we olaryň aýratynlygy barada giňişleýin durup geçdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bular barada hem çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem çykyşlarda sanly ulgamyň bize döredýän giň şertleriniň hatarynda, gymmatlyklaryň her biri üçin aýratynlykda anyk maglumat almaga mümkinçilik döredýän QR kod ulgamyna geçmeklik işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigi barada hem giňişleýin durlup geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklaryndan guralan sergini aýlanyp gördüler.