“Gözellik suratkeşleriň nazarynda” atly sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy, Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen şekillendiriş sungaty pajarlap ösýär. Bu sungat türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Şekillendiriş sungatynda döredilýän eserler halkymyzyň sungaty, edebiýaty we taryhy bilen berk baglanşyklydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Gözellik suratkeşleriň nazarynda” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan daşary ýurt suratkeşleriniň hem-de türkmen suratkeşleriniň eserleri ilkinji gezek görkezilýär. Serginiň başy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri suratkeş Allamyrat Muhammedowyň "Adalatyň dabaralanmagy" atly eserleri bilen açylýar. Bu eser Beýik seljuk türkmen döwletiniň köşgünde bolup geçýän erkin pikir alyşmalar, raýatlaryň hukugynyň goragy baradaky pelsepe häsiýetde bolup, suratkeşiň 2002-nji ýylda döreden “Muhammet Togrul begiň soltanlyk hutbasy” atly eseriniň bir toplumydyr. B.Muhammedowyň “Şükür bagşy”, G.Töräýewiň ”Köneürgenç” Ý.Jumaýewiň “Ahal ýaýlasy” atly ajaýyp eserleri sergimize aýratyn gözellik berýär. Ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi döredijiliginiň baş temasyna öwren ussat suratkeşleriň döredýän eserlerini synladygyňça, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň artýar. Şeýle zehinli suratkeşleriň biri P.Gapançaýewdir. Onuň “Berkarar”, “Akhan”, “Turan bilen Wepalynyň doslugy” ýaly ajaýyp eserleri serginiň görnükli ýerinde orun berilýär. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza sowgat berilen Azerbeýjan döwletiniň belli suratkeşleri Maral Rahmanzade, Togrul Narimanbekow, Mikail Abdullaýew, Özbegistan döwletinden W.Enin, Täjigistandan döwletinden I.D.Sibizow, S.Arabow, Russiýa döwletinden Frans Rubo, A.Sarokin, I.P.Rubinskiý we birnäçe suratkeşleriniň eserlerini hem görmek bolýar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Azat Annaýew, Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow gatnaşdylar.