Primary tabs
Submitted by museum on 28.07.2025
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi bilen bagly milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen taýýarlanan “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem bu taryhy waka mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, toplamak, ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillerine abat ýagdaýynda ýetirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Şol gymmatlyklary gorap saklamak, hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek işlerinde ýurdumyzyň muzeýleriniň mynasyp orny bardyr.
Hoşallyk maslahatynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň w.w.ýe.ýe. Laçyn Nurmuhammedowa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Şirin Rustamowa, “Gökdepe” milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň hünärmeni Maýa Halykberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Muzeý gaznasynyň elektron binýadyny guramak we pasportlaşdyrmak bölüminiň bölüm müdiriniň orunbasary Gülälek Mämiýewa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar taryhymyzyň gymmatly hazynalaryny resmi esasda dogry öwrenmäge hem-de geljek nesillere aýawly ýetirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biragyzdan çäksiz minnetdarlyk bildirdiler.