“Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar medeni dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Ýaşlarymyzy türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi täsirli we gyzykly düşündirişli gezelençleri, wagtlaýyn sergileri hem-de göçme sergileri gurnaýarlar. 2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň işgärleri tarapyndan Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar medeni dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme sergi guraldy. Bu sergide XIX-XX asyrlarda hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň dürli görnüşleri, aýakgaplar, amaly-haşam sungatyna degişli haly önümleri, haly dokalýan zähmet gurallary, ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, süýrenijileriň dürli görnüşleri görkezildi. Muzeýiň hünärmenleri serginiň dowamynda çagalara gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada şeýle hem haýwanlaryň biologiki aýratynlyklary, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi barada gyzykly gürrüňler berdiler. Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, taryhy baýlygy, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer.