Primary tabs
Submitted by museum on 15.08.2025
Türkmen halky bu günki gün bütin dünýäde öz milliligine, taryhyna, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna uly sarpa goýýan halk hökmünde tanalýar. Eziz halkymyzyň özüne çekiji, hiç bir halka meňzemeýän milliligi, etnografiýasy bardyr. Onuň şeýledigine biziň milli lybaslarymyzda görmek bolýar.
Halkymyzyň milli egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşipdir. Şeýlelikde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslarymyzyň dürli görnüşleri döräpdir. Olarda häzirki döwüre çenli aýal, erkek, ýaşuly we ýaş nesliň adaty günler hem-de toý däplerine laýyklykda ýerine görä geýinmegiň kadalary saklanyp gelýär.
Halkymyzda orta asyrlardan başlap şu günümize çenli toýlaryň bezegi, hormat sarpanyň nyşany hasaplanyp gelýän hem-de biziň pederlerimiziň iň gowy görýän milli lybaslarynyň biri bu milli donlardyr. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzy dondur» diýen aýtgy bar. Sebäbi donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Türkmençilikde herkimiň ýaşyna görä don tikilýär.
Gadymdan galan asyl nusgaly milli eşikleriň görnüşlerini has ýakyndan öwrenmeklikde ýurdymyzda öz işini alyp barýan muzeýleriň ähmiýeti örän ulydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan täsin, gadymy milli donlary halk köpçüligine görkezmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisi gurnaldy. Sergide XIX asyryň ahyryna we XX asyra degişli bolup halkymyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan erkek adamlaryň, gyz-gelinleriň we çaga donlaryň dürli görnüşleri görkezilýär.
Sergide zenanlar tarapyndan geýilen el keşdeli, basma nagyşlar bilen bezelen begresler, keşdelenen we kümüş bezegli çabytlar, kümüş düwmeler we teňňe pisint kümüş bölejikler, bugnama hem-de mata bölejikleri bilen haşamlanan mahmal we küleçe donlary, gyzyl ýaşyl zolakly dokalan sary tagta donlar, ilme nagyşly mawut we baş donlar, içi pagtalanyp syralan hywa donlar, pugtalanyp bezelen çepbetöw, daraýy we maldaýy donlar hem-de erkek adamlar tarapyndan geýilen gyrmyzy don, garma don, hywa don, düýe we goýun ýüňünden dokalan agar hem-de çal çäkmenleriň ajaýyp görnüşleri görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Jahan Nazarowa açdy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň uly ylmy işgäri Sähra Ýusubowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemаl Çaryýewa, taryh ylymlarynyň kandidaty, etnograf Ajap Baýryýewa çykyş etdiler.