«Grafika sungaty»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen şekillendiriş sungaty pajarlap ösýär. Şekillendiriş sungatynyň iň esasy we ilkinji görnüşleriniň biri hem grafika sungaty bolup, ol bakylygyny biziň häzirki günlerimize çenli dowam edýän sungatyň bir görnüşidir. Türkmen grafika sungaty- kitap, stanok, plokat we amaly ugurlary öz içine alýan we aňyrsy gadymýete hem-de XX asyryň ortalaryna çenli uzap gidýän şekillendiriş pudagydyr. Sungatyň bu görnüşi birnäçe bölümlerden durýar. Olardan basma grafika, amaly grafika, mahabat grafika şeýle-de senagat grafikasy has meşhurdyr. Grafika eserleri galam, tuş, akwarel, guaş, tempera ýaly usullary özünde jemlemek bilen adamlaryň ruhy baýlygyny we dünýäniň gözelligini şekillendirýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Grafika sungaty” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan üstünden ýarym asyrdan gowurak wagt geçen grafika eserler ilkinji gezek görkezilýär. Sergide türkmen grafika sungatynda uly yz goýan halypa ussatlaryň eserlerine aýratyn orun berilýär.Türkmen halkynyň durmuşyny, ahalteke bedewlerini, işçileri suratlandyran Pýotr Znamenşikowyň, Ýuriý Nowikowyň, eserleri hem serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Ýuriý Nowikowyň “Halyçy zenanlar” 1966ý, “Biziň baýlygymyz” 1965ý, “Saz eseri” 1965ý, “Türkmen bedew atlary”1971ý atly eserleri sergide wajyp orny eýeleýär. Şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa suratkeşler Mämmet Mämmedowyň,Ýakup Annanurowyň belli grafika eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Ýakup Annanurowyň “Jähekçiler” 1962ý atly eserinde türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerligi wasp edilýär. Şeýle-de Alekseý Kinýakin we ogly Aleksandr Kinýakiniň ajaýyp eserleri bu günki gün sergimize aýratyn gözellik berýär. Aleksandr Kinýakiniň “Kejebe”, “Ýolda” atly awtolitografiýa eserlerinde düýäniň üstünde oturan türkmen gelininiň keşbi ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza berlen sowgatlyk eserlerinden daşary ýurt suratkeşleri Maral Rahmanzadanyň we birnäçe näbelli suratkeşleriniň grafika eserlerini hem görmek bolýar. Şeýle-de sergide Saparmämmet Meredowyň garyşyk usulyndaky birnäçe eserleri hem-de ýaş suratkeşler Şirin Baýramowanyň, Ogultäç Myradowanyň, Şemşat Mämmedowanyň eserleri hem görkezilýär. Türkmen grafika sungaty nakgaşçylyk sungatyndan tapawutlylykda grafika sungatynyň çeperçilik diliniň özboluşlylygyny beýan etmekden ybaratdyr. Gara we ak reňkleriň utgaşmasy arkaly döredilen eserlerde türkmen halkynyň mertligini, sabrlylygyny we mähremliligini açyp görkezýär. Bu sergide hödürlenýän eserler dürli tehniki serişdeleri- galam, kömür, sangina, pastel, tehniki usullary ofort we grawýura arkaly adamyň içki dünýäsiniň ruhy ýagdaýy çeper beýan edilýär. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy – Çarymyrat Ýazmyradow.Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri – Azat Annaýew. Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy, sungaty öwreniji - Oguljan Berdiýewa. Güneş žurnalynyň jogapkär kätibi Döwletgeldi Akyýew gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylar türkmen milli şekillendiriş sungatymyzyň kemala geliş taryhy, onuň pelsepe çuňlugy barada gyzykly gürrüň berdiler.Sergi diňe bir geçmişi däl, eýsem häzirki zaman türkmen grafikasynyň ruhy dünýäsini hem açyp görkezýär. Bu çykyşlar sergä gelen myhmanlarda, muzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.