Primary tabs
Türkmenistanda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Watan goragyna gidip, söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçekler hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan mähribanlar ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Türkmen halkynyň taryhynda yz galdyran şol hasratly wakalar, öz taryhyna hormat goýýan her bir türkmen raýatynyň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Çünki türkmen halky Watan mukaddesligini ýüreginde göteren ata-babalarymyzyň edermenligi baradaky hakydany nesilden-nesle geçirip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Watan üçin janyny pida eden gahrymanlarymyz ýatlanyp, matam güni bellenip geçilýär.
Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hatyra gününe bagyşlanan «Halk hakydasy bakydyr» atly sergi gurnaldy. Sergi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlarymyz, paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň fotosuratlary. Türkmen zergärleriniň zähmetsöýer ellerinden çykan, paýtagtymyzyň gözel ýerlerini wasp edýän zergärçilik eserlerine aýratyn orun berilýär. Aşgabat ýer titremesi ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine hem zeper ýetirdi. Serginiň dowamynda Seýitjemaleddin metjidiniň bina bölekleri we ussat suratkeşleriň ýerine ýetiren suratlary şeýle hem muzeýiň gaznalarynda saklanylýan Aşgabat ýer titremesi barada we Gökdepe galasynda bolan söweşiň taryhyndan söhbet açýan dokumental fotosuratlar ýerleşdirildi. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriniň ýer titremeden öňki görnüşlerine we Garaşsyzlyk döwrüniñ binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar görkezilýär.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiri Annaoraz Abdyýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Orazguly Karataýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli halypa kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça kafedrasynyň uly mugallymy maýor Şamyrat Kürräýew, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Akgözel Mukymowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Akmaral Sabyrowa gatnaşdylar.























