Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy

Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen alabaýynyň dünýädäki abraýyny artdyrmak maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýlarynyň baýramy bellenip geçilýär. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan «Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanylýan türkmen alabaýynyň keşbi bar bolan gymmatlyklara aýratyn orun berildi. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik tohumynyň has irki döwürlere degişlidigini subut edýän it heýkeljikleriniň tapyndylarynyň ýagny, muzeýiň Arheologiýa gaznasynda saklanýan arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan Namazgadepe V-II müňýyllyklara, b.e.öňki III-II müňýyllyga degişli gadymy Goňurdepeden şeýle-de orta asyrlar döwrüne degişli gadymy Merw ýadygärliginden tapylan toýundan ýasalan itiň heýkeljikleri serginiň ilkinji bölüminde görkezildi. Türkmeniň behişdi bedewiniň ajaýyp keşbiniň, öz öýüniň goragçysy bolup ak öýüň öňünde erkana ýaýnap ýören alabaý güjüjekleriň keşbiniň, şeýle-de deňziň kenarynda erkin gezim edip ýören ala gözli türkmen alabaýynyň keşbiniň haly önümlerine çitilip janlandyrylmagy serginiň gözelligini has hem artdyrdy. Sergide Ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan gadymy fotosuratlar, alabaý iti bilen bagly zergärçilik eserleri, nakgaşçylyk eserleri, heýkeller öz beýanyny tapdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esaslarda alyp barmaga döredilen mümkinçilikleri açyp görkezmekde Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary ýaş nesiller üçin görelde boldy. Sergini gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Nurmuhammet Ýarmämmedow açdy. Ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, bu tohumyň wekillerine tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Şeýle hormatly atlara eýe bolan myhmanlar sergä gatnaşyp gyzykly gürrüňleri berdiler we buýsançly sözlerini beýan etdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleri «Behişdi ahalteke atlary» hem-de «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnallarynyň baş redaktory Narly Nuryýew, Hususy itşynas, «Buýsanç» kinologlaryň klubynyň başlygy Döwletgeldi Kürrikow, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň karantin merkeziniň başlygy Kakabaý Kakabaýew, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň baş hünärmeni Çaryýar Durdyýew sergä gatnaşyp, gyzykly gürrüňleri berdiler we baýramçylyk bilen gutladylar.