STRAS Capstone Konserwatiýa

2026-njy ýylyň 5-16-njy oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäheriniň Ilçihanasyndaky Döwlet departamentiniň gurnamagynda Özbegistanyň Döwlet taryh muzeýi Çikago Uniwersiteti bilen bilelikde STRAS Capstone konserwatiýa boýunça hünäri ýokarlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde okuw seminarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Okuwyň maksady derini we dokma önümlerini konserwasiýa etmekden ybaratdyr. Bu Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşýan muzeý rejeleýjileri üçin ýokary okuw sapagy bolup durýar. Seminar okuw sapagynyň dowamynda dokma we deri önümlerini çeper rejelemek boýunça okuw tejribe işleri görkezildi we deriden öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy. Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Madina Kasymbaýewanyň süzane keşdeçilik ussahanasynda egin-eşikleriň we tekstil önümleriniň saklanyş şertleri, Çikago Uniwersitetiniň taryhy gymmatlyklary gorap saklamak boýunça ýokary derejeli konserwatory Elison Uaýtyň deriniň we pergamentiň rejelemek işi, deri önüminiň tebigaty we onuň taýýarlanyşy, himiki düzümi, gadymy aýakgaplar bilen bagly amaly işler we olary gorap saklamak meselesi boýunça sapaklar geçildi. Los-Anjeles şäherinden J.Pol Getti muzeýiniň gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň baş konserwatory we bölüm müdiri, professor Süzan Ganzike, konserwator Fabio Kolombo hem Gadymy Merwden tapylan V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we dikeltmek boýunça taslama degişli ylmy prezentasiýalary görkezdiler. Okuw seminarynyň jemleýji gününde Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşan muzeý rejeleýjilerine şahadatnamalar gowşuryldy