Primary tabs
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylynda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklar has-da işjeňleşdirildi. Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlaryda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde mdeniýet ulgamy boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar we çäreler geçirilýär.
26-njy oktýabrda ABŞ-nyň «Fulbright» maksatnamasyyň hünärmeni Daniýel Waýsyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde duşuşyk geçirildi.
Fülbraýt Maksatnamasy (Fulbright Program) ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän, bütin dünýäde talyplaryň, mugallymlaryň we alymlaryň arasynda halkara bilim we medeni alyş-çalyşygy goldaýan meşhur haklary maksatnamasydyr.
Amerikan alymy Daniýel Waýsyň iş saparynyň maksady medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda sanlylaşdyrmak we resminamalaşdyrmak usullary boýunça Türkmenistanyň muzeýleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we tanyşdyryş maslahatlarynyň geçirmekden hem-de Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gezlenç etmekden ybarat bolp durýar.
Döwlet muzeýinde geçirilen duşuşykda Daniýel Waýs «Maglumatlar we sanlylaşdyrmak» atly temadan çykyş etdi. Ol çykyşynda muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti barada öz tejribesinden mysal getirip gürrüň berdi. Duşuşykda muzeý işgärleri alym bilen rejeleýiş işlerinde sanly ulgamyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar.
Amerikan hünärme duşuşykdan öň muzeýiň taryh we arheologiýa sergi bölümlerine aýlanyp gördi. Muzeýde görkezilen arheologiýa gymmatlyklarynyň örän täsin hem-de ylmy nukdaýnazardan täsirlidigini, şeýle-de sergi bölümlerinide kartalar, çyzgylar, maglumatlar ýerlikli we sowatly ulanylandygyny, bu bolsa ekspozisiýanyň ylmy derejesini güýçlendirýänligini belläp geçdi.















