Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnalan “Watan goragy mukaddesdir” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda sagat 15.00 myhmançylyga çagyrýar

 

Watan goragy mukaddesdir

 

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleri biziň göz-guwanjymyzdyr. Watan serhetden başlanýar. Serhetlerimiziň bütewiligini goramak, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin türkmen serkerdeleri we esgerleri gije-gündiz watan goragynda durýarlar. Uzak gijelerde kirpigini-kirpigine gatman, sak durmak olaryň jana-jan borjy. Geçmişde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary olary ýurdumyzyň çäklerini goramaga hemişe taýýar bolmaga ruhlandyrýar. Türkmen esgerlerine we serkerdelerine şöhratly taryhymyzdan görelde alara zat kän. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy barada ýazylan taryhy we çeper eserleriň sany-sajagy ýok. “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlarymyzda, “Ýusup-Ahmet”, “Döwletýar” ýaly dessanlarymyzda Watanyna wepaly, güýç-gaýratly, söweşde gaýduwsyz gahrymanlaryň waspy ýetirilýär. Ýaragly güýçlerimiz täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyz bilen bilelikde ösýär, kämilleşýär we kuwwatlanýar.

Türkmenistanyň hiç bir ýurduň topragynda gözi ýok. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan goranyş häsiýetli harby doktrinamyz halkymyzyň jana-jan bähbitlerine hyzmat edýär. Bu doktrina goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny saklamaga giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Ýaragly güýçlerimiz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edip, goranyş häsiýetli Milli goşuna öwrüldi. Pederlerimiziň pedagogik mirasy, harby sungaty, pähim-paýhaslary, gahrymançylykly söweş ýoly ata Watanymyzyň polat galkany bolan şir ýürekli merdana harby gullukçylarymyza öz gulluk borçlaryna bolan söýgüsini artdyrýar.

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň ýurt derejesinde giňden bellenilip geçilmegi bolsa olaryň güýjüne güýç, gaýratyna gaýrat goşýar. Şu şanly senä bagyşlap, Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeỳinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watan goragy mukaddesdir” atly sergi gurnaldy. Bu serginiň başynda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleri, şeýle hem, hormatly Belent Serkerdebaşymyz bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary: hormatly Prezidentimiziň harby talyplar bilen duşuşan pursatlaryny, harby okuw türgenleşiginiň geçişini, dabaraly harby ýörüşleri şöhlelendirýän fotosuratlar, hormatly Prezidentimize sowgat berlen we gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar sergilenýär. Serginiň şu bölüminde muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan we Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna we mukaddesliklerine bagyşlanan zergärçilik eserleri hem-de harby temadan ýazylan kitaplar hem görkezilýär.

Ondan başga-da, sergide hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanan “Älem içre at gezer”, “Watanyň wepaly ogly”, “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” ýaly birnäçe eserler bilen tanyşmak mümkin. Şeýle hem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow, Pena Rejepow ýaly gerçeklerimiziň fotоsuratlary, belli suratkeş K. Hnykiniň döreden portretleri serginiň görnükli ýerinde orun alypdyr. Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň serişdeleriniň hasabyna ýasalan tankyň makedi, dürbi, söweş torbasy we başga-da birnäçe esger esbaplary sergä aýratyn gelşik berýär.