Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çaga terbiýesinde milli mirasyň orny» atly okuw maslahaty we sergi gurnaldy

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Çaga terbiýesinde milli mirasyň orny» atly okuw maslahatynyň we onuň çäginde şol at bilen serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, döredijilik adamlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.        

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö. Mämmetnurow açdy.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýurdumyzyň milli mirasyny, türkmen hojalygyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny özünde jemleýän täsirli ekspozisiýasy adamlaryň höwes bilen synlaýan ýerleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren syýasatyndan ugur alyp, türkmeniň baý milli mirasyny wagyz etmek, öwrenmek, gorap saklamak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Muzeýde ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň alymlary, döredijilik adamlary bilen duşuşyklar, sergiler we ylmy-amaly we okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Bu günki okuw maslahaty hem-de sergi munuň nobatdaky subutnamasydyr. «Çaga terbiýesinde milli mirasyň orny» ady bilen geçirilen okuw maslahaty we onuň çäginde şol at bilen sergi gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşkiçiniň ýaşula goýýan sarpasyny, çaga terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi, türkmen halkynyň çaga terbiýesinde milli mirasyň ähli ugurlaryny peýdalanýandygy, ündeýändigi barada alymlar, döredijilik adamlar örän gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler, diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda nygtady. Soňra duşuşykda Süleýman Süleýmanow – taryh ylymlarynyň kandidaty; Akmyrat Hojanyýazow – «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr; Aşyrmyrat Gurbanow – Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy; Oguljemal Çaryýewa – Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyra Nurtäç Annamuhammedowa – «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory ; Ogulbeg Jumaýewa – «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr; Begenç Rejebow – Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministrliginiň «Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy kliniki merkeziniň» lukmany; Amansoltan Durdyýewa – Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri; Akbegi Çaryýewa – Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň orta bilim we terbiýeçilik iş bölüminiň başlygy; Ogulsapar Begmyradowa – Çagalar we ýetginjekler köşgüniň medeni guramaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri; Gülşirin Annamyradowa - Türkmenistanyň at gazanan artisti, Aýgül Ýagşyýewa – Türkmenistanyň at gazanan artisti,Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymy Çaňlyýewa Dürjemal çykyş etdiler.