Primary tabs
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen medeni mirasymyz, milli däp-dessurlarymyz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täzeden dikeldilýär, kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda milli mirasymyzy aýlawly gorap saklamakda, nesilden-nesle geçirmekde ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda muzeýler işjeň hereket edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem bu işe öz mynasyp goşandyny goşýar, dürli medeni çäreler, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, bäsleşikler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilip durulýar.
Şeýle döredijilik duşuşyklaryň biri 2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda «Türkmen zergärçilik sungatynyň täsinlikleri» ady bilen geçirildi. Bu duşuşyga ýurdumyzyň tanymal adamlary, görnükli zergärleri, muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, türkmen medeniýetine bagyşlanan ajaýyp kitaplary, zergärçilik sungatynyň baý taryhy, häzirki zaman zergärçilik sungatynyň döwrebäp kämilleşdirilişi hakynda muzeý işgärleridir, talyp-ýaşlar bilen özara söhbetdeşlik guradylar we bu hünärde täze öwüşgünleriň girizilmegi, olaryň mundan beýläk-de nesilden-nesile geçirmegiň iňňän möhüm talapdygy barada gürrüň berdiler. Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy we duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kаndidaty Süleýman Süleýmanow, ýaş zergär, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň, «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň hem-de 2019-njy ýylda «Türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-esbap bezeg lybaslary üçin» bäsleşigiň ýeňijisi Aýjemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly haşam sungaty» fakultetiniň «sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy Bahar Magtymowa, «Nesil» gazediniň uly habarçysy Akgül Saparowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, Ak bugdaý etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bahar Pirkuliýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew dagylar gatnaşyp gyzykly we täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.